Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Azmun Ispaniýanyň «Marca» neşiri tarapyndan iň güýçli 100 futbolçynyň sanawyna goşuldy

21:4925.12.2019
0
4503

Sankt-Peterburgyň «Zenit» klubynyň hüjümçisi, eýranly türkmen Ispaniýanyň dünýä belli sport neşiri bolan «Marca» tarapyndan düzülen 100 futbolçylyk sanawyň 91-nji basgançagynda görkezildi. Sanaw futbolçylaryň 2019-njy ýyldaky netijelerine görä düzüldi.

Eýranly türkmen bu sanawa Russiýanyň çempionatyndan goşulan ýeke-täk futbolçydyr. Hüjümçi şu ýyl Eýranyň ýygyndysy bilen OAE-de geçirilen Aziýa kubogynyň ýarym finalyna çenli baryp bildi. Bu ýaryşda ol dört pökgi geçirdi.

«Zenidiň» şu ýyl gazanan çempionlygynda hem uly paýy bardyr. Geçen möwsümde ol rus çempionatynyň iň netijeli futbolçylarynyň sanawynda hem ikinji orny eýeledi.

«Marca» tarapyndan düzülen sanawyň, häzirlikçe, ikinji bölegi ― 51 ― 100-nji orunlary eýelän futbolçylary mälim. Sanawda Zlatan Ibragimowiç («Los Anjeles Gelaksi») 88-nji, Romelu Lukaku («Internasional») 75-nji, Markus Reşford («Mançester Ýunaýted») 71-nji, Ederson («Mançester Siti») 61-nji, Jeými Wardi («Lester Siti») 59-njy, Oliwýe Žiru («Çelsi») 55-nji, Ngole Kante («Çelsi») 52-nji orny eýeleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň