Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndysy (U-23) OTÝ-de Kataryň ýaşlary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer

14:4323.12.2019
0
18137

Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndysy (U-23) Kataryň Doha şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirmek üçin bu şähere ugrady. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Türgenleşikleriň çäginde biziň ýygyndymyz Kataryň ýaşlar ýygyndysy bilen 25-nji dekabrda ýoldaşlyk duşuşygyny hem geçirer.

Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň baş tälimçisi Ahmet Agamyradow bu ýygnanyşyga 22 futbolçyny çagyrdy. Olaryň ikisi bolsa Ispaniýanyň dürli toparlarynda çykyş edýän ýaşlardyr. Ýygyndyda «Altyn asyrdan» 8, «Köpetdagdan» 5, «Nebitçi», «Ahal», «Aşgabat» we «Kerwenden» 1, Birinji ligadan hem 1, «Altyn asyr 2» bilen Ispaniýada çykyş edýän ildeşlerimizden 2 futbolçyny çagyrdy.

Has takygy, Katardaky türgenleşige çagyrylanlaryň arasynda «Altyn asyrdan» Döwletýar Berdiýew (d), Begmyrat Baýow, Mihail Titow, Welmyrat Ballakow, Bagtyýar Gürgenow, Resul Hojaýew, Begenç Akmämmedow we Yhlas Toýjanow bar. Baýramgeldi Gulmaýew, Ýakup Maksadow, Meýlis Diniýew, Resul Çaryýew (d) we Aly Borjakow dagylar «Köpetdagyň» düzüminden alnan oýunçylardyr.

Ýaşlar ýygyndymyzda «Nebitçä» Hemra Gulyýew, «Kerwene» Röwşengeldi Halmämmedow, «Aşgabada» Nazar Towalekow, «Ahala» Yhlas Saparmämmedow, Türkmenistanyň Birinji ligasyna Begmyrat Arbatow wekilçilik edýär. «Altyn asyr 2-den» Rahman Myratberdiýew bilen Begençmyrat Myradow çagyryldy.

Şu gezekki düzümde Ispaniýanyň «Arandina» toparyndan Şirali Ibragimow bilen «Jupiter Leonesadan» Orazmyrat Ataýew hem bar.

Öňdäki ýygnanyşykda baş tälimçä Fazil Mämmedow bilen Ahmet Allaberdiýew ýardam berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň