Sweto Lýesar: «Ähli oýunçylarymyz Türkmenistanyň güýçli ýygyndysy bilen mynasyp oýun geçirdi»

13:3221.12.2019
0
5001

Çernogoriýanyň futzal boýunça milli ýygyndysy şu ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanyň ýygyndysyndan uly hasap bilen ýeňlipdi. Horwatiýada geçirilen «Futsal Week Winter Cup» halkara ýaryşynyň çäginde ýygyndy türkmen futzalçylaryny bu gezek 2:1 hasabynda ýeňdi. CDM saýtynda ýygyndynyň baş tälimçisi, ýerli hünärmen Sweto Lýesaryň duşuşyk barada gysgaça teswirlemesi getirilýär:

«Biziň üçin ýene bir ajaýyp duşuşyk tamamlandy. Örän ýiti göreş boldy, oýunçylarymyz Türkmenistanyň örän güýçli toparynyň garşysyna mynasyp oýny orta goýdular. Biziň öňde Bosnýa we Gersegowinanyň ýygyndysy bilen hem oýnumyz bar. Duşuşygy özümizi kanagatlandyrýan orunlaryň birinde tamamlarys diýip umyt edýäris».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň