Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Hökümet mejlisini geçirdi

08:0619.12.2019
0
10399

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem beýleki wajyp meselelere garaldy ― diýip, TDH habar berýär.

Mejlisiň barşynda:

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslary — hususy telekeçileri döwlet tarapyndan bellige almagyň tertibiniň taslamasynyň taýýarlanylyşy;

Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Merkezi balans toparynyň düzüminiň işi;

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow ýangyç-energetika toplumynyň dürli pudaklarynda işleriň ýagdaýy hem-de pudagyň önümçilik kuwwatlyklaryny we çig mal binýadyny pugtalandyrmak boýunça geçirilýän çäreler;

nebitgaz toplumynyň mundan beýläk-de diwersifikasiýalaşdyrylmagynyň üpjün edilmegine hem-de uglewodorod ýataklaryny çalt depginde senagat taýdan özleşdirmek we türkmen energiýa serişdelerini eksport etmegiň köpugurly düzümini kemala getirmäge gönükdirilen iri maýa goýum taslamalarynyň ilerledilişi;

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan nebitiň we gazyň, beýleki gazylyp alynýan peýdaly serişdeleriň hem-de ýerasty agyz suwlarynyň täze känlerini ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýän gözleg-barlag işleri;

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň edara binasyny gurmak hem-de Aşgabat şäheriniň günorta tarapynda sil suwlaryny sowujy desgalar toplumyny gurmak üçin halkara bäsleşigi geçirmek boýunça ýerine ýetirýän işleri;

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow ýurdumyzda öndürilýän dokma we haly önümlerini daşary ýurtlarda geçirilýän iri halkara sergilerde mahabat etmek boýunça alnyp barylýan işler;

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow mekdep okuwçylary üçin kompýuterleri öndürmek boýunça alnyp barylýan işler;

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow Halkara tennis federasiýasynyň 2020-nji ýylda Aşgabat şäherinde dünýä derejesindäki Dewisiň Kubogy ugrunda halkara ýaryşyň tapgyryny geçirmek hakyndaky teklibi;

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa öňde boljak baýramçylyklara hem-de şanly wakalara bagyşlanyp taýýarlanan medeni çäreleriň maksatnamasy, şeýle hem medeniýet ugry boýunça halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça geçirilýän işler;

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew oba hojalygynda amala aşyrylýan özgertmeleriň barşy hem-de möwsümleýin meýdan işleriniň ýerine ýetirilişi;

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Prezidentiniň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli resmi däl duşuşygyna gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasyna boljak iş saparyna görülýän taýýarlyk;

Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işleri hakynda hasabat berdiler.

Döwlet Baştutany hasabatlary diňläp, olar barada degişli ýolbaşçylara görkezmeleri berdi.

Hökümet mejlisinde garalan meseleleriň käbiri «Turkmenportalda» aýratyn habar görnüşinde hem ýetirildi. 
   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň