UEFA-nyň Nýon şäherindäki (Şweýsariýa) ştab-kwartirasynda şu gün Ýewropa Ligasynyň 1/16 finalynyň bijeleri çekildi. Ilkinji duşuşyklar 20-21-nji, jogap duşuşyklary bolsa 26-27-28-nji fewral günlerinde oýnalar.
Bije çekilişigiň netijeleri:
«Wulwerhempton» (Angliýaя) – «Espanýol» (Ispaniýa)
«Sporting» (Portugaliýa) – «Başakşehir» (Türkiýe)
«Hetafe» (Ispaniýa) – «Aýaks» (Niderlandlar)
«Baýer 04» (Germaniýa) – «Portu» (Portugaliýa)
«Kopengagen» (Daniýa) – «Seltik» (Şotlandiýa)
APOEL (Kipr) – «Bazel» (Şweýsariýa)
ÇFR (Rumyniýa) – «Sewilýa» (Ispaniýa)
«Olimpiakos» (Gresiýa) – «Arsenal» (Angliýa)
AZ (Niderlandlar) – LASK (Awstriýa)
«Brýugge» (Belgiýa) – «Mançester Ýunaýted» (Angliýa)
«Ludogores» (Bolgariýa) – «Internasionale» (Italiýa)
«Aýntraht» (Germaniýa) – «Zalsburg» (Awstriýa)
«Şahtýor» (Ukraina) – «Benfika» (Portugaliýa)
«Wolfsburg» (Germaniýa) – «Malmö» (Şwesiýa)
«Roma» (Italiýa) – «Gent» (Belgiýa)
«Reýnjers» (Şotlandiýa) – «Braga» (Portugaliýa)
Ýewropa Ligasynyň final duşuşygy 2020-nji ýylyň 27-nji maýynda Gdansk şäherindäki «Energa-Gdansk» stadionynda geçiriler. Finalyň ýeňijisi Ýewropanyň Çempionlar ligasynyň 2019/2020-nji ýyllardaky möwsüminiň ýeňijisi bilen UEFA-nyň Naýbaşy kubogy ugrundaky duşuşygy geçirmäge, 2020/2021-nji ýyllaryň möwsüminde bolsa UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynda ýaryşmaga hukuk gazanar.