«Berkarar» söwda-dynç alyş merkezinde futzal boýunça Aziýa çempionatyny mahabatlandyrmak boýunça dabara geçirildi

17:1815.12.2019
0
8955

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi, Türkmenistanyň Futbol federasiýasy, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy hem-de Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşigi 14-nji fewralda «Berkarar» söwda dynç-alyş merkezinde Aşgabatda geçiriljek futzal boýunça Aziýa çempionatyny mahabatlandyrmak çäresini gurady ― diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Bu şowhunly çärä türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylary we myhmanlary höwes bilen gatnaşdylar. Esasanam, çagalar we ýaşlar işjeňlik görkezdiler.

 Geçirilen çäräniň dowamynda dürli ugurda guralan bäsleşikler mahabatlandyryş çäresiniň täsirliligini artdyrdy.

Sport ulgamynda mahabatlandyryş işleriniň geçirilmegi, dürli ýaşdaky raýatlary köpçülikleýin bedenterbiýä we sporta çekmekde uly ähmiýete eýedir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň