Soňky habarlar

Arhiw

Döwletjan Ýagşymyradow: «Gyzgyn goldaw üçin ähli watandaşlaryma hoşallyk bildirýärin!»

15:2315.12.2019
0
14667

ACA-daky çempionlygyny goramagy başaran Döwletjan Ýagşymyradow tutluşykdan soňra Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny egnine atyp, mikrafonda hoşallyk sözlerini aýtdy. Tutluşyk we ondan soňky dabaralar Russiýanyň «Матч ТВ» ýaýalymynda göni ýaýlym arkaly görkezildi. Ol sözleriniň arasynda gyzgyn goldawy üçin Türkmenistandaky ähli watandaşlaryna hem hoşallyk bildirdi.

— Goldaw üçin hemmelere hoşallyk bildirýärin! Alekseý Butorine-de hoşallygymy aýdýaryn, ol mynasyp garşydaş. Biz bir-birege hemişe, hatda tutluşygyň dowam edýän halatynda hem çäksiz hormat goýýarys. Meniň sag elimde şikes bardy, şonuň üçin tutuluşykda ondan peýdalanyp bilmedim. Ony uzaga çekdirenim üçin ötünç soraýaryn. Esasyzat, ýeňiş gazandym.

Ilkinji nobatda tälimçilerime, esasan hem, meni bu tutluşyga ýetişdiren lukanlaryma hoşallyk bildirýärin. Men özümi tutluşykdan bir aý ozal hem gowy duýamokdym, ýöne şolaryň yhlasy bilen bu gün men tutluşykda. Elbetde, ata-eneme-de hoşallyk bilýärin. Hiç zady alada etmäň, hemme zat gowy.

Gyzgyn goldawlary üçin ähli watandaşlaryma sagbolsun aýdýaryn. Esasan hem, Türkmenistanyň hormatly Prezidentine hoşallygym çäksizdir. Hemmelere sag boluň!

«Gores» sport klubyna, özümiň «Alabaý» klubyma, Sankt-Peterburgda ýaşaýan we okaýan watandaşlaryma, Türkmenistandan tutuş bir uçary eýeläp, meni goldamaga gelen garyndaşlaryma, doganlaryma, hemmelere hoşallyk bildirýärin!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň