Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futzal ýygyndysy ýoldaşlyk duşuşygynda Hytaýyň ýygyndysyny uly hasap bilen ýeňdi

14:3312.12.2019
0
8561

Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy ýoldaşlyk duşuşygynda Hytaýyň ýygyndy toparyny uly hasap bilen ýeňlişe sezewar etdi.

Horwatiýanyň Poreç şäherinde geçirilen ýoldaşlyk duşuşygy 6:1 hasabynda ýygyndy toparymyzyň peýdasyna tamamlandy. Ýygyndy toparymyzyň gollaryny Arzuw Sapargulyýew, Allamyrat Gurbanow, Öwezbaý Muhammetmyradow (2), Mülkaman Annagulyýew hem-de Gurbangeldi Sähedow öz atlaryna ýazdyrdylar.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň Aziýa çempionaty – 2020-niň saýlama tapgyryna taýýarlygynyň çäginde 16-21-nji dekabr aralygynda Horwatiýada geçiriljek “Futsal Week Winter Cup – Porec 2019” kubogynda çykyş eder. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň