Soňky habarlar

Arhiw

Daşoguzda oba hojalyk tehnikalarynyň ätiýaçlyk şaýlarynyň 100-den gowrak görnüşi ýasalýar

09:3711.12.2019
0
434

Daşoguzyň motor-abatlaýyş zawodynda oba hojalyk tehnikalary üçin ätiýaçlyk şaýlarynyň, ekerançylyk işlerinde giň­den ulanylýan oba hojalyk gurallarynyň 100-den gowrak görnüşi ýasalýar ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Güýzki sürümiň ýokary depginde alnyp barylýan, bugdaýa ideg etmek işleriniň gyzgalaň­ly dowam edýän häzirki günlerinde zawodda öndürilen ätiýaçlyk şaýlary, iş gurallary oba hojalyk tehnikalarynyň bökdençsiz işledilmegine, olaryň güýjünden netijeli peýdalanylmagyna mümkinçilik berýär.

Pudagyň ähli düzümleri bilen sazlaşykly hereket edýän bu kärhanada şu ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işiň möçberi 1 million 450 müň manatlyga golaý bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen de­ňeşdirilende, ösüş depgini üpjün edildi.

Zawodyň hünärmenleri ýygy-ýygydan ekerançylyk meýdanlarynda, sürüm işleri geçirilýän ýerlerde bolup, ýasalan ätiýaçlyk şaý üpjünçiliginiň ýagdaýy bilen tanyşýarlar, oba hojalyk gurallaryny göwnejaý ulanmak barada amaly maslahatlary guraýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň