Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Kaka etrabynda täze hassahananyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

23:5007.12.2019
0
7893

Ahal welaýat häkimliginiň buýurmasy boýunça «Dost gurluşyk, söwda önümçilik» hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri tarapyndan gurlan täze binalaryň hatarynda Kaka etrabynda ulanmaga berlen hassahana bar, onuň binasynda hirurgiýa, reanimasiýa, terapiýa, çagalar hem-de maslahat beriş-anyklaýyş bölümleri, rengenologiýa, stomatologiýa, fizioterapiýa, owkalama bölümleri bar. Täze binanyň dolandyryş bölüminde iki sany maslahatlar zaly ýerleşdirildi. Şeýle hem binalar toplumyna awtoduralga, naharhana we beýleki desgalar göz öňünde tutuldy. Gurluşyk işleriniň barşynda ýokary hilli we ekologiýa häsiýetnamalary bilen tapawutlanýan döwrebap gurluşyk serişdeleri ulanyldy ― diýip, TDH habar berýär.

Maddy-enjamlaýyn we tehnologik üpjünçiligiň ýokary derejesi hem-de täze hassahananyň işgärleriniň hünär derejesi näsaglara ýokary hilli hyzmat etmek hem-de hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň görnüşini artdyrmak üçin şert döredýär. 

Täze hassahananyň açylyş dabarasyna Ahal welaýatynyň häkimi Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşdy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň