Futbol, Türkmenistanyň kubogy ― 2019: «Ahal» 20-nji ýeňşini gazandy

14:4805.12.2019
0
688

Futbol boýunça Türkmenistanyň kubogynyň ýarym finalynda «Köpetdagy» ýeňip, finala çykan «Ahal» bu ýaryşdaky 20-nji ýeňşini gazandy.

Umuman, «Ahal» bu ýaryşda 54 duşuşyk geçirdi. Şolaryň 20-sinde ýeňiş gazanan «Ahal» 11 duşuşykda garşydaşlary bilen deňme-deň oýnady, 23 duşuşykda bolsa olardan asgyn geldi. Bu duşuşyklarda garşydaş derwezelere 71 pökgi geçiren «Ahal» öz derwesine 79 gol geçirtdi.

Türkmenistanyň kubogyndan mundan ozal 2013-nji, 2014-nji we 2017-nji ýyllarda finala çykan «Ahal» şolaryň hiç birinde hem ýeňilmedi. Topar 14-nji dekabrda taryhyndaky dördünji finalyna çykar. Bu final «Ahalyň» Kubok ýaryşyndaky 55-nji duşuşygy bolar.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň