Soňky habarlar

Arhiw

Daşoguzdaky demir-beton önümleri zawodynda 26 müň kub metr önüm çykarmak göz öňünde tutulýar

13:1305.12.2019
0
1009

«Türkmensenagat» agentliginiň «Türkmendemirbetonönümleri» döwlet kärhanasynyň Daşoguzdaky demir-beton önümleri zawodynda daşky we içki diwar panelleriň önümçiligi özleşdirildi. Munuň üçin kasseta tehnologik liniýasy oturdyldy. Zawodyň önümleri kärhananyň düzümindäki demirgazyk welaýatyň dolandyryş merkezinde oňaýly köp öýli jaýlary gurýan gurluşyk edarasyna niýetlenendir. Häzirki wagtda iri panelli ýaşaýyş jaýlarynyň beýleki tekiz elementleriniň önümçiligini ýola goýmak boýunça işler alnyp barylýar.

“Türkmenistan: Altyn asyr” resmi internet neşiriniň ýazmagyna görä, birnäçe ýyl mundan ozal durky täzelenen Daşoguzyň demir-beton önümleri zawodynyň uly öňümçilik mümkinçilikleri bar. Armaturany kesmek we egreltmek, sowuk dartma we takyk kebşirlemek üçin döwrebap stanoklaryň, köpri kranlaryň, beton garyjy merkeziň, kompressor enjamynyň, parogeneratoryň we beýleki ýörüteleşdirilen enjamlaryň bolmagy çykarylýan önümleriň görnüşlerini artdyrmaga we onuň hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi.

Şeýle hem zawodda dürli diametrli turbalar, üstki plitalar, penjire we işik germewleri, lagym guýylary üçin gapaklar, beton bordýurlar we beýleki önümler taýýarlanylýar. Şu ýyl 26 müň kub metr demir-beton önümlerini çykarmak göz öňünde tutulýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň