Soňky habarlar

Arhiw

«Tehno Merkez» täze ýyldan başlap milli tehnologiýa enjamlarynyň söwdasyna girişer

18:5303.12.2019
0
2716

«Häzirki wagtda ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak, maglumatlaryň we tehnologiýalaryň elýeterliligine daýanýan aragatnaşyk ulgamynyň kämilleşdirilmegi bilen berk baglanyşyklydyr. «Türkmenistanda daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligi we ýurdumyzda öndürilýän önümleri eksport etmegiň möçberlerini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, işleri durmuşa geçirmek maksady bilen 2019-njy ýylyň oktýabr aýynda «Tehno Merkez» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikdäki kärhanasynyň düýbi tutuldy» diýip, «Turkmentel ― 2019» halkara sergisinde bu ÝGPJ-niň bilelikdäki kärhanasynyň baş direktory Geldi Esenow «Biznes-reklama» gazetiniň habarçysyna gürrüň berdi.

Gazetde ýazylyşy ýaly, bu kärhana «Türkmentehnogurluşyk» ÝGPJ-niň, «Türkmenmaşyngurluşyk» döwlet kärhanasynyň, «Türkmensenagat Eksport — Import» AGPJ-niň we «Berk Ojak» hojalyk jemgyýetiniň bileleşmeginde döredildi. Onda öndüriljek dünýä ülňülerine laýyk gelýän kompýuter, planşet, telefon, telewizor we smart hasaplaýjy enjamlaryny täze 2020-nji ýylyň başynda türkmen bazarlarymyza ýerleşdirmek meýilleşdirilýär. Türkmen hünärmenlerimiz tarapyndan öndüriljek «Milli One» nyşanly bu milli harytlarymyz özüniň amatlylygy we ýokary hilliligi bilen ýiti bäsdeşlige eýe bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň