Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen boksçulary Moskwada okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirer

11:0528.11.2019
0
5460

Öňde duran halkara ýaryşlara taýýarlygyň çäklerinde Türkmenistanyň boks boýunça milli ýygyndysy 1 ― 18-nji dekabr aralygynda Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwa şäherinde okuw türgenleşik ýygnanyşygyny geçirer.

Moskwadaky ýygnanyşyga üç tälimçi we sekiz türgen gatnaşar. Türgenlerimize Aliasker Başirow, Wladimir Dwarsow we Ýazmuhammet Pazzyýew tälim berer. Ýygnanyşyga gatnaşjak milli ýygyndymyzyň hatarynda halkara derejeli sport ussady, Türkmenistanda ýylyň boksçusy Nursähet Pazzyýew, sport ussatlary Şöhrat Jumaýew, Begmyrat Halmyradow, Muhammet Berdibaýew, Muhammetmyrat Sähedow hem-de sport ussatlygyna dalaşgärler Yhlas Gylyçjanow, Şükür Öwezow, Nurýagdy Nurýagdyýew bar.

Milli ýygyndysy 17-nji noýabrda tamamlanan Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň netijelerine görä düzüldi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň