Aşgabatda «Türkmentel-2019» atly XII halkara sergi we ylmy maslahat öz işine başlady

11:1427.11.2019
0
7192
Aşgabatda  «Türkmentel-2019» atly XII halkara sergi we ylmy maslahat öz işine başlady

Türkmenistanda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalar ulgamynda ýetilen üstünlikleri görkezmek maksady bilen, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan geçirilýän «Türkmentel-2019» atly XII halkara sergisi sebit boýunça maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalar ulgamyndaky iň uly çäreleriň biri bolup durýar. Bu iri çäre ýokary tehnologiýalar, innowasiýalar we telekommunikasiýa ugry boýunça täze üstünlikleri, tejribeleri we pikirleri ara alyp maslahatlaşmak mümkinçiligini berýär.

Ozal habar berşimiz ýaly, bu sergä ýerli we daşary ýurt bölümleriniň 90-dan gowragy gatnaşýar.

Sergidäki giň pawilýonlarda häzirki zaman wideoenjamlary, uly monitorly sergi diwarlyklary, yşykly bannerler we pannolar, sanly radio we teleýaýlymlar, hemra, mobil we elektron aragatnaşygy, ses serişdeleri, wideoýazgylar we gözegçilik ulgamyndaky köp sanly täzeçil nusgaly enjamlar ýerleşdirilipdir.

Sergi 28-nji noýabrda öz işini tamamlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň