Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda derwezeçileriň tälimçileriniň gatnaşmagyndaky Level-1 okuw kursuna badalga berildi

21:4926.11.2019
0
4083

26-njy noýabrda paýtagtymyzyň “Aşgabat” köpugurly stadionynda derwezeçileriň tälimçileriniň gatnaşmagyndaky Level-1 okuw kursy başlandy ― diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Bu okuw kursuny FIFA-nyň hem-de AFK-nyň gözükdirijisi eýranly hünärmen Jalal Başarzad Mahbubi geçirýär. Oňa ýardamçy hökmünde ýerli hünärmen AFK-nyň hem-de TFF-niň gözükdirijisi Röwşen Muhadow çykyş edýär.

Okuw kursunyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň tehniki bölüminiň başlygy Berdi Nurmyradow çykyş edip, bu ugurda edýän ýardamy üçin eýranly hünärmene sagbolsunyny aýtdy. Onuň bellemegine görä, bu kurs ýerli tälimçilerimiziň ussatlyk derejesini täze derejä çykarmaga uly ýardam eder.

Ýeri gelende bellesek, okuw kursunyň soňunda geçiriljek synagyň netijesinde gatnaşyjylara AFK-nyň ýörite lisenziýalary gowşurylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň