Mekan Saparow KHDR-nyň ýygyndysy bilen geçirilen duşuşykda şikes aldy

22:0515.11.2019
0
7882

«Altyn asyryň» we Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň merkezi goragçysy Mekan Saparow Dünýä çempionaty ― 2022-niň saýlama tapgyrynda KHDR-nyň ýygyndysy bilen geçirilen duşuşykda (3:1) şikes aldy.

25 ýaşly futbolçy 19-njy noýabrda geçirilen duşuşykda şikies sebäpli, birinji ýarymda oýundan çykyp, ornuny Zafar Babajanowa bermeli boldy. Bu barada duşuşykda soňra geçirilen metbugat maslahatynda milli ýygyndymyzyň baş tälimçisi Ante Mişe şeýle diýdi:

― Meni ynjalykdan gaçyrýan zat birnäçe oýunçylarymyzyň şikesi. Bu günki duşuşykda Mekan Saparowyň hem olaryň hataryna goşulmagy meni gynandyrdy.

Baş tälimçi Mihail Titowda hem şikesiň bardygyny aýtdy.

Mekan Saparow milli ýygyndymyzyň esasy oýunçylarynyň biri. Ol milli ýygyndynyň hatarynda ilkinji duşuşygyna 2014-nji ýylyň 24-nji maýynda AFK-nyň Çagyryş kubogynda Flippinleriň garşysyna geçirilen duşuşykda (0:2) çykdy. Şondan bäri ol milli ýygyndy bilen 28 duşuşyga gatnaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň