Soňky habarlar

Arhiw

Ante Mişe: «KHDR-ny ýeňenimizi ikinji derejä geçirip, Şri-Lanka bilen boljak duşuşyk barada pikirlenmeli»

21:0315.11.2019
0
6105

Dünýä çempionaty ― 2022-niň saýlama tapgyrynyň çäginde geçirilen Türkmenistan ― KHDR futbol duşuşygyndan (3:1) soňra milli ýygyndymyzyň baş tälimçisi, 52 ýaşly horwatiýaly hünärmen Ante Mişe metbugat maslahatynda žurnalistleriň sowallaryna jogap berdi.

– KHDR-nyň futbol ýygyndysynyň garşysyna gazanylan ýeňişden soňra siz özüňizi nähili duýýarsyňyz?

– Örän gowy! Bu günki ýeňşimize diýseň begenýärin. KHDR ― güýçli oýunçylardan düzülen ajaýyp topar. Ýöne biziň futbolçylarymyz hem şu gün özlerinde ýokary ukybyň bardygyny subut etdiler. Biz meýilleşdiren oýnumyzy amala aşyrmagy başardy. Indi biraz dynç almaly we Şri-Lanka bilen boljak oýna taýýarlanmaly.

– Duşuşygyň başy biziň oýunçylarymyz üçin biraz kyn boldy. Siz ýeňjekdigimize ymykly haçan ynandyňyz?

– Haçanda, üçünji pökgini geçirenimizde. Şondan soň men ýeňşe doly ynandym diýip bilerin.

– Duşuşygyň ahyrky pursatlarynda sizi örän duýguly halda gördük: hatda, pursatlaryň birinde elleriňizi hereketlendirip, begenjňize janköýerlere tarap ylgaberdiňiz. Siz toparyňyz ýeňiş gazansa, hemişe şeýlemi?

– Ýok, men adatça, kän bir duýgularymy daşyma çykarýan adam däl. Üçünji gol geçirilende bolsa men şatlygymy janköýerler bilen paýlaşman durup bilmedin.

– Siz Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň KHDR-den üstün çykan ilkinji tälimçisi. Bu barada näme aýdyp biljek?

– KHDR ― gowy topar. Men oýunçylaryma hoşallyk bildirýärin. Ýeňşi men däl, olar gazandy. Ählisine köp sagbolsun aýdýaryn.

– Ýeňşe begenýärsiňizmi?

– Elbetde, begenýärin. Ýöne men oýundan soň diýseň ýadadym, kelläm agyrdy. Ýöne ýeňiş biziň üçin juda möhümdi. Häzir bolsa bu ýeňşi ikinji derejeli gürrüňe geçirmek gerek. Oýun tamamlandy, ony unutmaly. Öňde Şri-Lanka bilen boljak has wajyp oýun bar.

– KHDR-nyň oýunçysynyň ýerine ýetiren 11 metrlik jerime urgusyny derwezeçimiz Mämmet Orämuhammedow gaýtarmagy başardy. Bu pursady nähili teswirlärsiňiz?

– Ol biziň derwezeçilerimiziň tälimçisi Sandro Tomiçiň görkezmesi bilen hereket etdi. Çünki şol oýunçy 11 metrlik jerime urgularyny ýerine ýetirende, köplenç, derwezeçiniň çep taparyna depýän eken. Bize Sandro Tomiçiň duýgurlygy we tejribesi kömek etdi.

– Haýsydyr bir futbolçymyzyň has gowy oýnandygyny aýdyp bilermisiňiz?

– Meniň pikirimçe, Arslanmyrat Amanow ― kapitanymyz. Ýöne bu gün ähli oýunçylarymyz hem gowudy.

– Sizi birahat edýän nähilidir bir ýagdaý barmy?

– Käbir futbolçylarymyzyň şikes almagy. Bu gün Mekan Saparowyň hem şikeslileriň hataryna goşulandygyna diýseň gynanýaryn.

– Diýmek, ol indiki oýunda oýnap bilmeýär-dä!

– Oýnap bilmez. Mihail Titowda hem şikes bilen bagly meseleler bar.

– Belki, topara Ruslan Mingazow goşular?

– Ýok. Onuň hem şikesi agyr. Ýöne bizde özüne mümkinçilik berlerine garaşyp oturan başga-da zehinli futbolçylar bar.

– Türkmenistanyň ýygyndysynyň häzirki ortaça ýaşy siziň islegleriňize laýykmy?

– Meniň pikirimçe, hawa.

– Ýygyndymyz Şri-Lankany hem ýeňip bilermi?

– Elbetde!

– KHDR-ny ýeňşizi nähilidir bir şüweleň bilen bellemekçimi?

– Ýok. Myhmanhana gideris we dynç alarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň