Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan ― KHDR ― 3:0: Orazsähedow KHDR-nyň derwezesine üçünji ýoly tapdy

18:0214.11.2019
0
400
Türkmenistan ― KHDR ― 3:0: Orazsähedow KHDR-nyň derwezesine üçünji ýoly tapdy

Şu wagt Aşgabatdaky «Köpetdag» stadionynda Türkmenistanyň we Koreýa Halk Demoktarik Respublikasynyň milli ýygyndylarynyň arasyndaky futbol duşuşygy dowam edýär. Duşuşyk Dünýä çempionaty ― 2022-nji Aziiýa yklymy boýunça ikinji saýlama tapgyrynyň çäginde geçirilýär.

11-nji minutda milli ýygyndymyzyň kapitany Arslanmyrat Amanow eminden sary duýduryş kartyny aldy.

23-nji minutda Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň hüjümçisi Mihail Titow garşydaşyň derwezesine dürs pökgi geçirip, biziň ýygyndymyzy öňe çykardy.

43-nji minutda şikes alan goragçy Mekan Saparowyň ornuna Zafar Babajanow oýna girdi.

46-njy minutda baş tälimçi Ante Mişe duşuşykda tapawutlanan Mihail Titowy oýundan alyp, onuň ornuna Myrat Ýagşyýewi meýdana goýberdi.

66-njy minutda myhmanlarda Sim Hyon-Jiniň ornuna Kum Çol-Kim oýna girdi.

73-nji minutda kapitanymyz Arslanmyrat Amanow milli ýygyndymyzyň şu duşuşykdaky ikinji pökgüsini geçirdi. Hasap 2:0!!!

76-njy minutda myhmanlarda Ýong-Jik Riniň ornuna Song-Jong Hýog oýna girdi.

82-nji minutda Serdar Geldiýew Altymyrat Annadurdyýewi çalyşdy.

88-nji minutda hüjümçi Wahyt Orazsähedow milli ýygyndymyzyň üçünji goluny geçirdi. Hasap 3:0

Duşuşykda ikinji ýarym dowam edýär.

Türkmenistanyň ýygyndysynyň başlangyç düzümi: Mämmet Orazmuhammedow (derwezewan), Mekan Saparow (Zafar Babajanow, 42), Wezirgeldi Ylýasow, Abdy Bäşimow, Serdar Annaorazow, Arslanmyrat Amanow (kapitan), Amir Gurbany, Resul Hojaýew, Wahyt Orazsähedow, Mihail Titow (Myrat Ýagşyýew, 46), Altymyrat Annadurdyýew (Serdar Geldiýew, 82).

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň