Türkmenistan ― KHDR ― 1:0. Birinji ýarym dowam edýär

16:3414.11.2019
0
571
Türkmenistan ― KHDR ― 1:0. Birinji ýarym dowam edýär

Şu wagt Aşgabatdaky «Köpetdag» stadionynda Türkmenistanyň we Koreýa Halk Demoktarik Respublikasynyň milli ýygyndylarynyň arasyndaky futbol duşuşygy dowam edýär. Duşuşyk Dünýä çempionaty ― 2022-nji Aziiýa yklymy boýunça ikinji saýlama tapgyrynyň çäginde geçirilýär.

Duşuşygyň 23-nji minudynda Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň hüjümçisi Mihail Titow garşydaşyň derwezesine dürs pökgi geçirip, biziň ýygyndymyzy öňe çykardy.

11-nji minutda kapitan Arslanmyrat Amanow eminden sary duýduryş kartyny aldy.

Duşuşyk dowam edýär!

Türkmenistanyň ýygyndysynyň başlangyç düzümi: Mämmet Orazmuhammedow (derwezewan), Mekan Saparow, Wezirgeldi Ylýasow, Abdy Bäşimow, Serdar Annaorazow, Arslanmyrat Amanow (kapitan), Amir Gurbany, Resul Hojaýew, Wahyt Orazsähedow, Mihail Titow, Altymyrat Annadurdyýew.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň