Soňky habarlar

Arhiw

Stambul şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistan ― Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynyň ikinji jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy bolar

09:4614.11.2019
0
912

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistan ― Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynyň Ýer ýüzündäki meşhurlygy barha artýar. Kitap dünýäniň ençeme dillerine terjime edilip, dünýä döwletleriniň ençemesinde onuň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Şu ýylyň 19-njy noýabrynda Stambul uniwersitetinde türkmen döwletiniň Baştutanynyň bu kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasynyň boljakdygy barada «atavatan-turkmenistan» saýty habar berýär.  Dabara Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistan ― Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» kitabynyň ikinji jildiniň tanyşdyrylyşyna bagyşlanar.

Bu dabarany Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasy, Stambuldaky konsullygy bilelikde geçirer. Uniwersitetiň rektorlyk binasynda geçiriljek dabara ýerli wagt bilen gündiz sagat 15-de başlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň