Soňky habarlar

Arhiw

Ermenistanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň maksatnamasy belli boldy

22:5104.11.2019
0
21764

Ozal hem habar berşimiz ýaly, 5 ― 7-nji noýabr aralygnda Aşgabat şäherinde Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri geçiriler. «Türkmenistan» gazetiniň 4-nji noýabrdaky sanynda bu Medeniýet günleriniň maksatnamasy çap edildi. Şol maksatnamany Turkmenportalyň okyjylaryna hem ýetirýäris.

5-nji noýabr, sişenbe

18:30 — 20:00 Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy. Ermenistan Respublikasynyň sungat ussatlarynyň konserti.

6-njy noýabr, çarşenbe

10:00 — 11:00 Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Ermenistan Respublikasynyň amaly-haşam we şekillendiriş sungatynyň eserleriniň sergisiniň açylyş dabarasy.

11:30 — 13:00 Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Ermenistan Respublikasynyň «Terýan medeni merkezi» jemgyýetçilik guramasynyň hünärmenleriniň Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň we onuň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymlary we talyplary bilen döredijilik duşuşygy.

7-nji noýabr, penşenbe

09:00 — 18:00 Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Ermenistan Respublikasynyň amaly-haşam we şekillendiriş sungatynyň eserleriniň sergisiniň işiniň dowam etmegi.

11:30 — 13:00, 16:30 ― 18:30 «Aşgabat» kinoteatrynda ermeni kinofilminiň görkezilişi.

18:00 — 19:30 Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy. Türkmenistanyň we Ermenistan Respublikasynyň sungat ussatlarynyň bilelikdäki dostluk konserti. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň