Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Merkezi döwlet arhiwiniň döredilenine 90 ýyl doldy

22:5301.11.2019
0
7689

1-nji noýabrda Türkmenistanyň Merkezi döwlet arhiwiniň döredilmeginiň 90 ýyllygy bellenildi.

TDH-nyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Merkezi döwlet arhiwi — baş edara bolup, ol ýerde ýüz müňlerçe maglumatlar toplanyp, şolaryň arasynda Türkmenistan, onuň şöhratly geçmişi we şu güni hakynda maglumatlary saklaýan seýrek hem-de täsin resminamalar az däl.

Türkmen arhiwçileri özleriniň, hakykatdan-da, yhlasly işleriniň esasy wezipesini köne resminamalaýyn subutnamalary diňe bir düýpli gorap saklamakda däl, eýsem, halkymyzyň baý milli mirasyny giňden wagyz etmek maksady bilen, şolary iş ýüzünde peýdalanmakda  hem-de barlag işlerini işjeň alyp barmakda görýärler.

Taryhy resminamalara laýyklykda, musulman gündogarda arhiw işiniň gözbaşy uzak gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýar, emma onuň häzirki garaýyşdaky esaslary Türkmenistanda Zakaspiý oblastynda dolandyryş edaralarynyň döredilmegi bilen XIX asyryň ahyrlarynda goýuldy. Şol edaralaryň her biriniň öz iş önümçiligi — ilkinji arhiw gaznalaryny kemala getiren resminamalary bolupdyr.1929-njy ýylyň 5-nji noýabrynda Merkezi döwlet arhiwi döredildi.

Türkmenistanyň arhiw edaralary onýyllyklaryň dowamynda resminamalary toplamagy, hasaba almagy ulgamlaşdyrmagy, ylmy-tehniki taýdan işlemegi alyp bardylar, pudaklaýyn edaralaryň arhiwleriniň işine gözegçiligi we usulyýet ýolbaşçylygyny amala aşyrdylar. Şeýdip, milli arhiw gaznasy kemala geldi. 235-den gowrak gurama Merkezi döwlet arhiwinde hasapda durýar. Guramalarda  resminamalaryň saklanylyşy üpjün edilende, uly işler geçirilýär.

Dabara gatnaşanlaryň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň arhiw ulgamynyň ösdürilmegine döwletimiz tarapyndan goldaw berilýär. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkymyzyň maddy we ruhy mirasyny gorap saklamak hem-de dünýäde wagyz etmek meselelerini döwlet syýasatynyň wajyp wezipeleriniň hatarynda kesgitledi. Bu möhüm işleri alyp barmakda arhiwlere örän uly orun degişli bolup, bu ýerde ajaýyp taryhy-medeni mirasyň bir bölegi bolup durýan gymmatly resminamalaýyn çeşmeler jemlenendir.

Ýazyjylaryň, alymlaryň,  kompozitorlaryň, sazandalaryň, bagşylaryň, suratkeşleriň, artistleriň,  lukmanlaryň, görnükli döwlet işgärleriniň, harby serkerdeleriň, Beýik Watançylyk urşuna gatnaşanlaryň şahsy maglumatlaryndan resminamalary toplamak hem-de saklamak boýunça geçen asyryň 50-nji ýyllarynyň ahyrynda başlanan işleri beýan etdi. 1959-njy ýylyň ýanwarynda Merkezi döwlet arhiwinde edebiýat we sungat bölümi döredildi, bu bölüm gönüden-göni şu meseleler bilen meşgullandy.

Türkmen arhiwçileri ylmy-barlag we neşirýat işlerini amala aşyrýarlar. Munuň mysaly hökmünde, bäş jiltlik «Hatyra» diýen işi agzap bolar, ol 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Watan ugrundaky söweşlerde gahrymançylykly göreşen, dereksiz ýiten hem-de söweş meýdanlarynda wepat bolan türkmenistanly esgerleriň hatyrasyna bagyşlanýar, şeýle hem mähriban ojagyna ýeňiş bilen dolanyp gelen esgerler baradaky «Şöhrat» diýen kitap bar.

Mundan başga-da, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligi giň okyjylar köpçüligine niýetlenen «Türkmen arhiwi» diýen taryhy resminama, ylmy-taglymat we usulyýet žurnaly neşir edýär. Türkmen we rus dillerinde çap edilýän neşiriň esasy wezipesi Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň resminamalaryny wagyz etmekden, ýurdumyzyň arhiwini öwrenmegiň hem-de bu ulgamda gazanylanlary beýan etmegiň nazaryýet esaslaryny ösdürmäge ýardam bermekden ybaratdyr.

Arhiw maglumatlaryna elýeterlilik geçmişi beýan etmäge hem-de ýurdumyzyň taryhyna bolan gyzyklanmany ösdürmäge mümkinçilik berýär. Türkmenistanyň arhiw gaznasynyň resminamalaryny işjeň peýdalanýanlaryň hatarynda alymlar, aspirantlar we talyplar, kompozitorlar, ülkäni öwrenijiler we beýlekiler bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň