Soňky habarlar

Arhiw

«Demokratiýa we hukuk» žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy

23:3931.10.2019
0
3779

Her çärýekde neşir edilýän «Demokratiýa we hukuk» ylmy-amaly žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan çapa taýýarlanylan neşir Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ikinji mejlisinde eden maksatnamalaýyn çykyşy bilen açylýar ― diýip, TDH ýazýar.

Okyjylaryň dykgatyna hödürlenýän mowzuklaýyn makalalaryň hatarynda «Türkmenistan — ÝUNFPA: strategik hyzmatdaşlyk» atly makala bar. Onda türkmen döwletiniň üstünlikli durmuşa geçirýän gender deňligi babatdaky syýasatynyň ähmiýeti nygtalýar. Munuň özi Durnukly ösüş maksatlarynyň şertleriniň biri bolup durýar.

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň işi barada gürrüň berýän makalada halkara ynsanperwer gatnaşyklarynyň ähmiýeti nygtalýar. Hususan-da, onda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek hem-de raýatlarymyzyň saglygyny goramak boýunça döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň işjeň orny bellenilýär.

 “Nebitgaz pudagynda maýa goýumlaryň mümkinçilikleri we geljegi” atly makalada milli ykdysadyýetimiziň strategik ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak mümkinçiligine garalýar, degişli şertleriň, şol sanda maýadarlar üçin hukuk kepillikleriniň bardygy bellenilýär.

 “Hazar: hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýollary” atly makalada Hazar sebitiniň kuwwaty barada gürrüň berilýär. Onda möhüm geosyýasy we geoykdysady giňişlik hökmünde Hazaryň ornuna we ähmiýetine aýratyn üns berilýär.

Sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk, Hazarýaka döwletleriň bäşisiniň çägini Aziýa we Ýewropa bilen birleşdirýän ulag-üstaşyr hem-de söwda geçelgeleriniň mümkinçiliginden işjeň peýdalanmak babatda makalada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça 2019-njy ýylyň 11 — 12-nji awgustynda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynyň ähmiýeti nygtalýar.

«Ulag-logistika: halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ugry» atly makalada halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde ulag-logistika mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşylýar. Makalanyň awtory dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň ählumumylaşmagy hem-de goşulyşmak işiniň işjeňleşmegi bilen ulag ulgamynyň ýokary derejede ösdürilmegi döwrüň talabyna öwrülýär hem-de durnukly ösüşiň ileri tutulýan maksatlaryna ýetmek üçin möhüm şert hökmünde çykyş edýär.

«Lapis Lazuli» ulag geçelgesiniň taslamasyna esaslanýan Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe ulag geçelgesi, Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýoly, Türkmenbaşy Halkara deňiz porty arkaly Hazar — Gara deňiz multimodal ulag geçelgesiniň taslamasy we beýlekiler munuň aýdyň mysallary hökmünde getirilýär.

Türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edilýän neşir däp bolan “Senenama” atly maglumatlar ýygyndysy bilen jemlenýär. Onda abraýly guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda ýurdumyzda geçirilen çäreler beýan edilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň