Türkmenistanyň futbol boýunça zenanlar ýygyndysy Türkiýäniň «Bagçiler» toparyny ýeňdi

14:5326.10.2019
0
4048

Türkiýäniň Stambul şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýän futbol boýunça Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy ikinji ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Ýerli “Bagçiler” topary bilen duşuşan ýygyndy toparymyz 3:1 hasabynda ýeňiş gazanmagy başardy ― diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Ýeri gelende bellesek, milli ýygyndymyz okuw-türgenleşik ýygnanyşygyndaky birinji duşuşygynda “Dudullu” futbol kluby bilen 1:1 hasabynda deňme-deň oýnapdy.

Kamil Mingazowyň türgenleşdirýän ýygyndy toparynyň okuw-türgenleşik ýygnanyşygy 29-njy oktýabra çenli dowam eder.

Ýygyndy toparymyzyň tälimçiler düzüminiň türgenleşik ýygnanyşygynda oýunçylaryň 22-sini gözden geçirýändiklerini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň