Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2019, anons: «Aşgabat» ― «Altyn asyr»

15:2519.10.2019
0
745

Ýokary liganyň 21-nji tapgyrynyň çäginde paýtagtdaky «Nusaý» stadionynda geçiriljek duşuşyga «Aşgabat derbisi» diýip bileris. Duşuşyk şu gün 16-da başlar, oňa tejenli Arslan Goşşanow eminlik eder.

19 duşuşykda 44 utuk toplan «Altyn asyr» iň ýakyn garşydaşyndan 6 utuklyk ara açyp, liderligiň ýeke-täk eýesi boldy. «Aşgabat» bolsa aşaky orunlaryň birinde ýokary dyrmaşmaga synanyşýar. Şeýle göräýmäge, duşuşygyň rüstem tarapy, gürrüňsiz «Altyn asyr». Özi hem «aragatnaşykçylar» bassyr iki tapgyr bäri garşydaşlaryny uly hasap bilen ýeňip gelýärler. Statistikalara göz aýlasak, «Altyn asyryň» Ýokary ligadaky soňky bäş duşuşygynyň ählisinde ýeňiş gazanandygyny görýäris. «Aşgabat» bolsa şolaryň üçüsinde garşydaşlaryndan asgyn gelipdir. Emma paýtagtyň adybir topary Said Saýidowyň gelmegi bilen has hem tijendi diýip bolar. Bu günki ýeňiş hem, utulyş hem olaryň ýaryş tertibindäki ornuna täsir eder.

Eger şu gün «Aşgabat» «aragatnaşykçylardan» ýeňilse, onda bu utulyş toparyň Ýokary ligadaky 150-nji utulyşy bolar.

Eger «Altyn asyr» soňky iki oýundaky däbine eýerip, garşydaş derwezä üç pökgi geçirip bilse, onda paýtagtyň adybir toparynyň derwezesine giren pökgi bu derwezä tutuş Ýokary liganyň taryhynda girizilen 500-nji pökgi hökmünde hasaba alnar.

Iki toparyň arasynda 7-nji tapgyrda «Aşgabadyň» meýdanynda geçirilen duşuşykda topar «Altyn asyrdan» 1:2 hasabynda utuldy. 14-nji tapgyrdaky duşuşyk bolsa 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň