«Westi.Ru»: «Aşgabat millionlarça adamlaryň ykbalyna täsir edýän çözgütler kabul edilýän ýer boldy»

17:3615.10.2019
0
743

«Westi.Ru»-nyň GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Aşgabatda geçirilen Geňeşine bagyşlanan wideoreportažynda Türkmenistanyň we Russiýanyň strategiki hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berildi. Muny iki ýurduň Prezidentleri hem, şeýle-de: «Aşgabat wagtlaýynça GDA-nyň paýtagty, millionlarça adamlaryň ykbalyna täsir edýän çözgütler kabul edilýän ýer boldy» diýlip, belent mertebeli myhmanlary mynasyp kabul eden türkmen paýtagtynyň gözelligi tassyklady.

«Westi.Ru»-nyň habarçysy howa menzilinde milli egin-eşikdäki çagalaryň rus Lideri Wladimir Putine däp bolan türkmen çöregini hödürländigini belledi. Günbatarda bolsa käwagtlar medeniýetleriň tapawudyny görmeýärler.

«Biziň öz däplerimiz, gatnaşyk etmegiň asyrlardan bäri ýola goýlan medeni görnüşleri bar. Şoňa görä-de, biz näme üçin muňa hormat goýmaly däl?» — diýip, Liderleriň geljek ýyl Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyny giňden baýram etmegi ylalaşan sammitinde Wladimir Putin aýtdy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň