Soňky habarlar

Arhiw

Putin: «Dürli görnüşdäki bökdençlikleri aradan aýyrmak, önümçilik we tehnologik ulgamlaryny artdyrmak boýunça işleri dowam etmek zerurdyr»

14:2011.10.2019
0
4269

GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Aşgabatda geçirilen mejlisinde Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin ýygnananlara ýüzlenip, Russiýanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy boýunça hyzmatdaşlar bilen özara peýdaly gatnaşyklaryň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýändigini nygtady.

Russiýa Federasiýasynyň Baştutany dürli görnüşdäki bökdençlikleri aradan aýyrmak, önümçilik we tehnologik ulgamlaryny artdyrmak boýunça işleri dowam etmegiň zerurdygyny belläp, şu ýyl GDA başlyklyk edýän Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlaryny goldaýandygyny aýtdy hem-de şu gün Strategiki ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky Jarnama gol çekiljekdigini habar berdi.

Belent mertebeli myhman Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygynyň hormatyna çäreleri guramak bilen baglanyşykly meseleler barada aýdyp, öňümizdäki wakanyň ähmiýetini nygtady. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň