Soňky habarlar

Arhiw

DÇ ― 2022-niň saýlama tapgyry: Koreýa Respublikasy Şri-Lankany uly hasap bilen ýeňdi

17:5810.10.2019
0
16014

Dünýä çempionaty ― 2022-niň ikinji saýlama tapgyrynyň çäginde şu gün Günorta Koreýanyň ýygyndysy Şri-Lankanyň futbolçylaryny uly hasap bilen ýeňdi. Hwason şäherindäki «Hwason Stediumda» geçirilen duşuşyk koreý futbolçylarynyň 8:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Duşuşykdaky pökgüleri Son Hyn Min (10, 45+5 11 m.j.u.), Kim Sin Uk (17, 30, 54, 64), Hwan Hi Çhan (20), Kwon Çhan Hun (76) dagylar geçirdi.

Indiki tapgyrda Koreýa Respublikasy KHDR bilen duşuşar. Duşuşyk 15-nji oktýabrda Phenýan şäherinde geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň