GDA-nyň ilkinji Oýunlary Kazanda geçiriler

16:5910.10.2019
2
5908

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşi her iki ýyldan bir egezek GDA ýurtlarynyň oýunlaryny geçirmek taslamasyny kabul etdi.

Oýunlary GDA döwletleri iki ýyldan bir sapar gezekleşip kabul ederler. Ýaryşlaryň dowamlylygy 10 günden köp bolmaz. Oýunlara GDA agza däl döwletlerem gatnaşyp bilerler.

Ýaryşlar 2020-nji ýylda Kazanda guralyp, ol 20-27-nji awgust aralygynda geçiriler. Kazan Tatarystan Respublikasynyň paýtagty bolmak bilen Russiýa Federasiýasynyň sport babatda ösen şäherleriniň biridir. Şeýle-de, dürli ýaryşlarda gazanýan ýeňişleriniň sany babatda öňdebaryjylaryň biri bolup durýar.

GDA ýurtlarynyň oýunlaryna Türkmenistanyň, Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Moldowanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Ukrainanyň ýygyndylarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

 Guramaçylyk komiteti ýaryşlaryň gerimini giňeltmek maksady bilen oňa isleg bildirýän beýleki döwletleri hem gatnaşmaga çagyrýar. Kazana 2000 töweregi türgeniň we 600 töweregi resmi adamlaryň barmagyna garaşylýar.

 Ýaryşlaryň maksatnamasyna sportuň dzýudo, sambo, kenarýaka woleýboly, kenarýaka gandboly, mini-futbol, boks, taý boksy, küşt, tans sporty, fehtowaniýe, karate, girýa sporty, armrestling, mas-resling, sport göreşi, guşakly göreş (koreş), ýeňil atletika we basketbol (3x3) ýaly görnüşleri giriziler. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň