Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň binasynda 2025-nji ýyla at bermek hem-de nyşanyny kesgitlemek boýunça degişli teklipleri taýýarlamaga bagyşlanan maslahat geçirildi.
Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2024-nji ýylyň 8-nji noýabrynda sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilendigi hem-de geljek ýylda ýurtda we dünýä döwletlerinde köp sanly halkara çäreleriň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigi bilen baglylykda, deputatlaryň halk bilen maslahatlaşyp, geljek ýyla at bermek hem-de nyşanyny kesgitlemek boýunça çäreleri geçirmegi tabşyrdy.
Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň Iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidentiniň orunbasary R.Bazarow, Mejlisiň deputatlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Mejlisiniň habar bermegine görä, maslahatda geljek ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň baýram edilýändigi, bu şanly senäniň 2025-nji ýyly has-da dabaralandyrjakdygy bellenildi. 2025-nji ýylyň şygarynyň we nyşanynyň ýurduň ynsanperwer döwlet syýasatynyň, depginli ösüşleriniň, halkyň bagtyýar durmuşynyň özboluşly beýanyna öwrülmelidigine üns çekildi. Bu ugurda halkyň, ýaşlaryň arzuw-isleglerini nazarda tutmak bilen degişli işleri geçirmek barada öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.