Soňky habarlar

Arhiw

Awazada syýahatçylyga we gezelenje bagyşlanan sergi açyldy

23:1909.10.2019
0
17899

"Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda“Syýahatçylyk we gezelenç” atly halkara sergisi we maslahaty açyldy. Hazaryň kenarynda her ýyl geçirilýän foruma Türkmenistanyň öňdebaryjy syýahatçylyk kärhanlarynyň hem-de bu ulgamda ýöriteleşdirilen Awstriýadan, Germaniýadan, Bolgariýadan, Polşadan, Türkiýeden, Kanadadan, Hindistandan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Hytaýdan we beýleki ýurtlardan gelen 70-e golaý kompaniýanyň wekilleri gatnaşýarlar ― diýip, TDH habar berýär.

Awazada geçirilýän forumyň esasy wezipeleri taryhy-medeni ýadygärlikleri, ruhy we maddy mirasy we halkymyzyň hem-de bu çärä gatnaşyjy ýurtlaryň däp-dessurlaryny wagyz etmekden, dünýä syýahatçylyk pudagynyň wekilleri bilen bar bolan hem-de kemala gelýän täze hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakdan ybaratdyr.

 “Seýrana” myhmanhanasynda guralan sergä gatnaşyjylaryň hatarynda “Türkmendemirýollary”, “Türkmenaragatnaşyk”, “ Türkmenawtoulaglary”, “Türkmenhowaýollary”, “Türkmendeňizderýaýollary” agentlikleri, Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa instituty, Türkmen döwlet Medeniýet instituty, Söwda-senagat edarasy, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, “Rysgal” paýdarlar-täjirçilik banky, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň syýahatçylyk kärhanalarynyň, ugurdaş hususy kärhanalaryň onlarçasynyň, Awazanyň myhmanhanalarynyň wekilleri gatnaşýar.

Sergi Türkmenistanyň hem-de onuň sebitleriniň täsin syýahatçylyk künjekleri bilen tanyşmaga, syýahatçylyk we myhmansöýerlik ulgamyndaky meýiller barada, dynç alşyň dürli görnüşlerini guramak, medeni-wagyz hem-de ülkäni öwreniş işleri barada täze maglumatlary almaga mümkinçilik berýär.

Günüň ikinji ýarymynda maslahatyň açylyş dabarasy boldy, şonuň çäklerinde ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanylan syýahatçylyk toplumyny innowasiýa häsiýetli ösdürmegiň strategiýasy, şele hem Türkmenistanda bu ulgamda amala aşyrylýan giň gerimli işler bilen tanyşdyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň