3x3 basketbol boýunça Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy (U-23) Dünýä kubogyna şowsuz başlady

14:3902.10.2019
0
5481

3x3 basketbol boýunça Türkmenistanyň 23 ýaşa çenli zenanlar ýygyndysy Dünýä kubogy ― 2019-a iki sany utulyş bilen başlady. Bu barada FIBA-nyň resmi saýty habar berýär. Dünýä kubogy 2 ― 6-njy oktýabr aralygynda Hytaýyň Lançžou şäherinde geçirilýär. 

Arzyly kubok üçin dört toparçada 20 milli ýygyndy ýaryşýar. Türkmenistanly basketbolçylar «D» toparçada Ýaponiýanyň, Ukrainanyň, Fransiýanyň we Italiýanyň ýygyndylary bilen duşuşýar. Milli ýygyndymyza Dilfuza Azizowa, Anastasiýa Hydyrowa, Zybagözel Hydyrowa we Wiktoriýa Rahmanowa wekilçilik edýär.

Türkmenistanyň U-23 zenanlar ýygyndysy ilkinji duşuşygynda Fransiýanyň ýygyndysyndan 8:22, ikinji duşuşygynda Ýaponiýadan 4:22 hasabynda asgyn geldiler. Ildeşlerimiz 4-nji oktýabrda Italiýanyň hem-de Ukrainanyň ýygyndylary bilen duşuşarlar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň