Gysga wagtda rekordy täzeledi

16:0728.09.2019
0
1471

Awtoulag senagatyndaky esasy tizlik görkezijileriniň biri gysga wagtda ýokary tizlige ýetip, ýene-de gysga wagtda durmak hasaplanýar. Şeýle rekordlaryň biri bolan 0 km-400 km-0 km aralygy bary-ýogy 42 sekuntda “Bugatti Chiron” modeli geçipdi. 3112 metr aralykda goýlan bu rekordy “Bugatti-niň” esasy bäsdeşi “Koenigsegg” täzeledi. Şereketiň “Regera” atly modeli 0-400-0 km/s rekordyny 31,49 sekunt bilen täzeledi. Şwed şereketiniň awtoulaglary berkligi babatda hem meşhurdyr. “Regera” 22,87 sekuntda 0-dan 400 km/s tizlige ýetdi. Ulagyň durmagy üçin bolsa, bary-ýogy 8,62 sekunt ýeterlik boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň