Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futzal ýygyndysy dünýä reýtinginde 67-nji orna çykdy

13:5325.09.2019
0
5663

Futzal boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy 874 utuk toplap, dünýä reýtinginde 67-nji orunda ornaşmagy başardy. Geçen gezekki reýting bilen deňeşdirilende ýygyndy toparymyz 5 basgançak ösüş gazandy - diýip, TFF-niň resmi saýty ýazýar.

Täzelenen sanawda milli ýygyndylaryň 110-synyň ýerleşdirilendigini ýatladýarys. Ýygyndymyzdan bir basgançak ýokarda Iordaniýanyň ýygyndysy, bir basgançak aşakda bolsa Daniýanyň ýygyndysy ýerleşipdir. Sanawyň başynda Braziliýanyň, Ispaniýanyň, Eýranyň, Russiýanyň hem-de Argentinanyň milli ýygyndylary ýerleşipdirler.

Ýeri gelende bellesek, oktýabr aýynda milli ýygyndymyz Aziýa çempionaty – 2020-niň saýlama tapgyrynda çykyş eder. Ýygyndymyz toparçada Eýranyň hem-de Gyrgyz Respublikasynyň milli ýygyndylary bilen bäsleşer. Gyrgyz Respublikasynyň ýygyndysy täzelenen reýtingde 43-nji orny eýeleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň