2019-njy ýylyň sentýabr aýynyň başynda rus tarapynyň çagyrmagy esasynda Astrahan welaýatyna türkmen dili mugallymy Resul Şajiýew geldi. Türkmenistanly mugallym Astrahan welaýatynyň Priwolžsk etrabynyň Funtowo obasyndaky Magtymguly Pyragy adyndaky umumy bilim berýän mekdebiniň okuwçylaryny türkmen dili dersleri boýunça okadyp başlady.
Türkmen dili Astrahan welaýatynda ilkinji sapar okadylýandyr. Etnik türkmenleriniň ýaşaýan Funtowo obasynyň ýaşaýjylary bu habary uly şatlyk bilen garşyladylar. Şeýlelikde, ilkinji sapaga diňe okuwçylar däl, eýsem, olaryň ene-atalary hem gatnaşdylar. Bu mekdepde türkmen dili diňe täze bilimleri öwrenmek üçin däl-de, eýsem, türkmen halkynyň baý medeniýeti bilen has ýakyndan tanyşmak üçin giňişleýin peýdalanylar.
Belli bolşy ýaly, bu mekdep Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda türkmen tarapy tarapyndan guruldy.