Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndysy Stambul şäherinde okuw türgenlerşik ýygnanyşygyna girişdi

15:5920.09.2019
0
1749
Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndysy Stambul şäherinde okuw türgenlerşik ýygnanyşygyna girişdi

Aziz Kambarowyň tälim berýän Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy (U19) daşary döwletlerdäki ikinji okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirmek üçin Türkiýäniň Stambul şäherine geldi ― diýip, TFF-niň resmi saýty habar berýär.

Ýaşlar ýygyndymyzyň Stambul şäherindäki türgenleşik ýygnanyşygy 20-nji sentýabr bilen 2-nji oktýabr aralygynda geçiriler. Okuw-türgenleşigiň dowamynda ýaşlar ýygyndymyz ýoldaşlyk duşuşyklarynyň birnäçesini geçirer. Ýygyndy toparymyzyň tälimçiler düzümi Stambuldaky türgenleşik ýygnanyşygyna oýunçylaryň 23-sini çagyrypdyrlar.

Ýeri gelende bellesek, 2020-nji ýylda geçiriljek Aziýa çempionatynyň saýlama tapgyryna taýýarlyk görýän ýaşlar ýygyndymyz mundan öň hem Türkiýede okuw-türgenleşigi geçipdi.

2020-nji ýylda geçiriljek Aziýa çempionatynyň saýlama tapgyrynyň “B” toparçasynda çykyş edýän ýaşlar ýygyndymyzyň garşydaşlary Kataryň, Ýemeniň hem-de Şri-Lankanyň ýygyndylary bolarlar. Saýlama tapgyry şu ýylyň 4-10-njy noýabry aralygynda Kataryň paýtagty Doha şäherinde geçiriler.

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň