Soňky habarlar

Arhiw

Paulu Bentu: «Türkmen futbolçylary biziň garaşyşymyz ýaly oýnady»

23:5611.09.2019
0
15345

Dünýä çempionaty ― 2022-niň saýlama tapgyrynyň Türkmenistan ― Koreýa Respublikasy duşuşygy myhman toparyň ýeňşi bilen tamamlandy. Duşuşykdan soň geçirilen metbugat maslahatynda Koreýa Respublikasynyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi, portugaliýaly hünärmen Paulu Bentu žurnalistleriň sowallaryna jogap berip, şeýle diýdi:

― Koreýa Respublikasynyň ýygyndysy türkmen futbolçylarynyň derwezesine geçiren iki pökgüsi bilen ýeňiş gazandy. Garaşylanyndan pes netijäniň sebäbi näme? Şägirtleriňiziň oýnuň haýsydyr bir bölüminde depgini gowşadandygy barada pikir edýärsiňizmi?

― Diňe pikir etmek bilen çäklenmän, biz munuň sebäbini anyklamaga hem çalyşmaly. Birinji ýarymda islän oýnumyzy orta goýduk, ikinji ýarymda bolsa gowşadyk. Munuň sebäbini tapmaga çalyşmaly. Birinji ýarymda bizde taapwutlanmaga mümkinçilik has köp boldy. Ikinji ýarymda bolsa biz beýle bir kän pursat döredip bilmedik. Ýöne meniň pikirime görä, ikinji ýarymda biz türkmen futbolçylaryna-da o diýen bir mümkinçilik bermedik. Netije gowy, ýöne käbir ýalňyşlyklarymyzyň sebäbini gözläp, indikide düzetmäge çalyşmaly.

― Türkmenistanyň ýygyndysynyň oýny sizde nähili täsir galdyrdy?

― Türkmenistan biziň garaşyşymyz ýaly oýnady. Futbolçylarynyň aglabasy goraga kömek berdi we goragdan bat bilen hüjüme çykmak islediler. «7-lik» belgili (Arslanmyrat Amanow ― redaksiýadan) futbolçynyň tizligi maňa ýarady. Ikinji ýarymda goýberen ýalňyşlyklarymyz sebäpli türkmen futbolçylary öz güýjüni görkezmäge synanyşdylar.    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň