Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda pagta ýygymyna girişildi

23:3711.09.2019
0
5770

11-nji sentýabrda Türkmenistanyň Ahala, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda pagta ýygymyna girişildi. Toprak-howa şertlerine laýyklykda, pagta ýygymy Daşoguz welaýatynda 18-nji sentýabrda başlanar.

2019-njy ýylyň ýygym möwsüminde 1 million 50 müň tonna pagta hasylyny taýýarlamak göz öňünde tutulýar. Olaryň 207 müň tonnasy Ahal welaýatynda, 5 müň tonnasy Balkan welaýatynda, 230 müň tonnasy Daşoguz welaýatynda, 295 müň tonnasy Lebap welaýatynda, 313 müň tonnasy bolsa Mary welaýatynda taýýarlanylar.

Ýygym möwsüminde pagta ýygyjy kombaýnlaryň 923-si, çig maly daşamaga ýük awtoulaglarynyň 2 müňüsi, traktorlaryň 1 müň 867-si we tirkeg traktorlarynyň 3 müň 877-si ulanylar.

Täze hasyly kabul edip almak üçin taýýarlaýyş bölümleriniň 157-si, pagta arassalaýjy kärhanalarynyň 39-sy taýýarlanyldy. Şolaryň ýanyndaky barlaghanalarda “Türkmenstandartlary”döwlet gullugynyň hünärmenleri gelip gowuşýan önümiň hiliniň ygtybarly barlagyny üpjün ederler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň