Soňky habarlar

Arhiw

“iPhone 11” tanyşdyryldy

14:0411.09.2019
1
14924

“Apple” kompaniýasynyň sabyrsyzlyk bilen garaşylýan “iPhone 11” seriýasynyň üç modeli tanyşdyryldy. 10-njy sentýabrda köpçülige görkezilen smartfonlar 19-njy sentýabrdan başlap, dünýäniň 150 ýurdunda satuwa çykarylar. Şeýle hem dabarada “Apple Watch 5” “akylly” sagady hem-de “iPad” modeli hem görkezildi. 5,8 dýuým ululygyndaky “iPhone 11”-iň arka tarapy aýnadan ýasalypdyr. Onuň 4 reňkli görnüşi bar. Smartfonda 2 sany 12 MP durulygynda yzky kamera bar. Enjamyň 128, 256 we 512 GB içki ýatly jemi üç görüşi bar. Seriýanyň iň elýeterlisi bolan “iPhone 11” 699 dollardan satylar.

Ululygy “iPhone 11” bilen deň bolan “iPhone 11 Pro” modelinde 3 sany yzky kamera bar. Smartfon 999 dollardan satylar. 1099 dollardan satyljak “iPhone 11 Pro Max” smartfonynyň esasy aýratynlygy “Apple Pencil” galamynyň bolmagydyr.

“iPad” modeli bolsa, 429 dollardan satuwa çykarylar. Bu enjam “iň köp satylýan kompýuterden has çalt işleýär” diýlip mahabatlandyryldy. “iPhone” modellerinde bolşy ýaly kompasy bolan “Apple Watch 5” sagady 399 dollardan satuwa çykaryldy. Sagadyň e-SIM kartly nusgasy 499 dollardan satylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň