Russiýada 20-nji dünýä çempionatyna badalga berildi

22:4008.09.2019
0
7375

Şu gün Ýekaterinburg şäherinde (Russiýa) boks boýunça 20-nji dünýä çempionatyna badalga berildi. Ýubileý çempionat «Ýekaterinburg-Ekspo» sport toplumynda 8 ― 21-nji sentýabr aralygynda geçiriler diýip, «Rossiýskaýa gazeta» habar berýär.

Şu gezekki dünýä çempionatyna dünýäniň 77 döwletinden 400 türgen gatnaşýar. Şeýlelikde, gatnaşyjylaryň sany boýunça çempionatyň rekordy täzelendi. Ýubileý çempionaty geçirmek hukugy Russiýa Federasiýasyna Halkara boks assosiasiýasynyň (AIBA) 2017-nji ýylyň 24-nji iýulynda Moskwada geçirilen maslahatynda berlipdi. Çempionaty geçirmäge Ukrainanyň, Türkiýäniň, Hindistanyň we Tailandyň hem dalaşgär bolandygyny ýatladýarys.

Nobatdaky çempionatyň agram derejelerine käbir üýtgeşmeler girizildi. Ýagny olar Olimpiýa oýunlary ― 2020-niň boks ýaryşlaryndaky agram derejeleri bilen gabat getirildi. Dünýä çempionatynyň deslapky tutluşyklary duşenbe güni başlanar. 18-nji sentýabrda çärýek final, 20-nji sentýabrda ýarym final, 21-nji sentýabrda bolsa final tutluşyklary geçiriler. Şol gün ýeňijileri sylaglamak dabarasy hem bolar.

Türkmenistanly boksçular dünýä çempionatyna ukrainaly tälimçi Wladimir Dworsowyň ýolbaşçylygynda gatnaşýar. Milli ýygyndymyza 81 kilograma çenli agram derejesinde Nurýagdy Nurýagdyýew, 52 kilograma çenli agram derejesinde Yhlas Gylyçjanow, 57 kilograma çenli agram derejesinde Ýazmyrat Gurbanow, 69 kilograma çenli agram derejesinde Serdar Amangeldiýew hem-de 75 kilograma çenli agram derejesinde Nursähet Pazzyýew wekilçilik eder.

 «Dünýä birinjiligi boksçular üçin hemişe-de iň uly synaglaryň biri bolmagynda galýar, ol toparlaýyn taýýarlygyň hem derejesini ölçerýär. Şonuň üçin hem Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň tälimçiler düzümi bolup, türgenlerimiziň bu synagdan üstünlikli geçmegi üçin elimizden gelenini gaýgyrmaýarys» diýip, ukrainaly tälimçi awgust aýynda türkmen metbugatyna beren interwýusynda aýdypdy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň