Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda 2020-nji ýylda 1 million 400 müň tonna bugdaý hasylyny almak maksat edinilýär

23:4604.09.2019
0
915
Türkmenistanda 2020-nji ýylda 1 million 400 müň tonna bugdaý hasylyny almak maksat edinilýär

4-nji sentýabrda Türkmenistanda köpçülikleýin güýzlük bugdaý ekişine başlandy.
Ýurtda şu ýyl 690 müň gektar meýdany bugdaý eýelär. Babadaýhanlar şonça meýdandan 2020-nji ýylda 1 million 400 müň tonna bugdaý, şol sanda Ahal welaýatynda — 400 müň, Mary welaýatynda — 345 müň, Lebap welaýatynda — 310 müň, Daşoguz welaýatynda — 265 müň we Balkan welaýatynda—80 müň tonna däne ýygnap almagy maksat edinýärler.
Şu ýyl ekişe azyklyk bugdaýyň, hususan-da, «Sähraýy», «Juwan», «Bitarap», «Ýolöten-1», «Ýolöten-3», «Türkmenbaşy-1», «Gyzylşaglawuk-25», «Miras», «Akbaş», «Ýubileýnaýa-100», «Batko» hem-de «Wassa» ýaly hasylly görnüşleriniň ýokary hilli tohumlary öňünden taýýarlanyldy. “Türkmenistan” gazetinde habar berlişine görä, şu möwsümde Türkmenistan boýunça «CLAAS», «John Deere», «Case», «Belarus-80H» we «Belarus-82.1» kysymly ýer sürüji traktorlaryň 2 müň 260-sy hem-de hatar aralaryny ýumşadýan traktorlaryň 7 müň 368-si, ekijileriň 1748-si hem-de beýleki enjamlar we abzallar ulanylar.

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň