Soňky habarlar

Arhiw

Didar Durdyýew: «Milli ýygyndyda ähli zat ýerbe-ýer»

19:4804.09.2019
0
9299

Dünýä çempionaty ― 2022-niň saýlama tapgyrynyň ilkinji duşuşygynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň wekilleri Dubaýdaky janköýerleri bilen duşuşdylar. Bu ýerde geçirilen gürrüňdeşlikde milli ýygyndymyzyň hüjümçisi Didar Durdyýew duşuşyk baradaky pikirlerini şeýle beýan etdi:

«Milli ýygyndymyzda ähli zat ýerbe-ýer. Biz esasy türgenleşiklerimizi birinji duşuşyga gönükdirdik. Ýaryşa ýeňiş bilen başlap, janköýerlerimizi begendirjekdigimize ynanýaryn. Duşuşykda Şri-Lankadan üstün çykyp bilmek üçin ähli güýjümizi orta goýarys. Iň esasysy ― ýeňiş bilen başlamak”.

Baş tälimçi Ante Mişe, kapitan Arslanmyrat Amanow hem-de hüjümçi Didar Durdyýew bilen geçirilen doly söhbetdeşlik «Türkmenportalyň» YouTubedäki kanalynda elýeterlidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň