Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly başa-baş söweşijiler Koreýadaky halkara ýaryşda gazanan medallarynyň sanyny 15-e çykardylar

23:0003.09.2019
0
4591

Koreýa Respublikasynyň Çungju şäherinde dowam edýän Bütindünýä söweş sungatlarynyň ussatlygy halkara ýaryşynda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli derejeli medallaryň ýene-de 7-sini gazandy ― diýip, TDH habar berýär.

Şeýlelikde, gazak göreşi boýunça geçirilen ýaryşlarda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 4-nji ýyl talyby Zarina Abdyrahmanowa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň 4-nji ýyl talyby Rozymyrat Medow we Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby Nazar Durdyýew kümüş medallara eýe boldular.

Sportuň bu görnüşinde öňdäki üçlügiň yz ýanyndan Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 2-nji ýyl talyby Jemal Öwlýakulyýewa barýar. Ol bürünç medal ugrundaky ýaryşda Koreýa Respublikasynyň wekilinden üstün çykyp, öz ussatlygyny görkezmegi başardy.

Sportuň kuraş görnüşi boýunça geçirilen ýaryşda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 2-nji we 4-nji ýyl talyplary Gülşat Nasyrowa 57 kilogram, Dinara Hallyýewa 63 kilogram agram derejesinde çykyş edip tapawutlandylar hem-de kümüş medallary gazandylar. Gülşat Nasyrowa Mongoliýa Halk Respublikasynyň hem-de Tailand Patyşalygynyň türgenlerinden, Dinara Hallyýewa bolsa Özbegistan Respublikasynyň hem-de Bütindünýä söweş sungatlarynyň ussatlygy halkara ýaryşynyň geçirilýän ýurdy bolan Koreýa Respublikasynyň türgenlerinden üstün çykdylar.

Sportuň bu görnüşi boýunça geçirilen ýaryşda 70 kilogram agram derejesinde çykyş eden Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 3-nji ýyl talyby Mariýa Lohowa ahyrky tapgyra çykyp bilmedi. Ol mongol türgenini ýeňip, hormat münberinde üçünji orny eýeledi.

Çungju şäherinde Bütindünýä söweş sungatlarynyň ussatlygy oýunlary dowam edýär. Türgenlerimizi sport baýraklary babatynda örän netijeli bolan gün bilen gutlaýarys hem-de olardan täze ýeňişlere we medallara garaşýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň