Soňky habarlar

Arhiw

Şri-Lankanyň futbol ýygyndysy Türkmenistan bilen boljak duşuşykdan öň BAE-niň ýygyndysyndan uly hasap bilen ýeňildi

02:0801.09.2019
0
11697

Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň Dünýä çempionaty ― 2022-niň saýlama tapgyryndaky garşydaşy ― Şri-Lankanyň milli ýygyndysy BAE-niň futbolçylary bilen geçirilen ýoldaşlyk duşuşygynda uly hasapda ýeňildi. Bu barada Soccerway-yň habarynda aýdylýar.

Duşuşyk şu gün Er-Rifa şäherinde ýerleşýän Bahreýn milli stadionynda geçirildi. Ol 5:1 hasabynda BAE-niň futbolçylarynyň ýeňşi bilen tamamlandy. FIFA-nyň häzirki reýtinginde Şri-Lankanyň 200-nji, BAE-niň bolsa 65-nji orny eýeleýändigini ýatladýarys.

Şri-Lankanyň ýygyndysy bu ýoldaşlyk duşuşygyny 5-nji sentýabrda Türkmenistan bilen boljak duşuşygyň taýýarlyklarynyň çäginde geçirildi. Dünýä çempionaty ― 2022-niň saýlama tapgyryna türkmen futbolçylary bilen boljak duşuşyk arkaly badalga berjek Şri-Lankanyň ýygyndysy garşydaşlaryny Kolombo şäherindäki «Reýskors» stadionynda kabul ederler. Duşuşygyň Aşgabat wagty bilen agşam sagat 19-da başlanmagyna garaşylýar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň