Soňky habarlar

Arhiw

Sentýabryň ahyrynda Türkmenistanyň hokkeý çempionatynyň täze möwsümine badalga berler

13:5930.08.2019
0
3856

Sentýabr aýynyň ahyrynda şaýbaly hokkeý boýunça Türkmenistanyň ýedinji gezek geçiriljek çempionatyna badalga berler. Bu barada «Нейтральный Туркменистан»gazetiniň habarynda aýdylýar.

Yzda galan alty çempionatda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň «Galkan» hokkeý topary ýurduň çempionlygyny hiç bir garşydaşyna bermedi. Tejribeli tälimçi Baýram Allaýarowyň şägirtleri bu ýyl hem çempionlygyň esasy dalaşgärleriniň arasynda. Topar bu ýyl düzümini täze oýunçylaryň ýene-de birnäçesi bilen güýçlendirdi.

Geçen çempionatyň bürünç medalynyň eýesi «Watançy» toparynyň düzümine hem ýaş hokkeýileriň birnäçesi goşuldy. Ozalky wise-çempion «Şir» bilen «Oguzhana» bolsa harby gullugy tamamlap gelen oýunçylary ýene-de goşuldylar. Şeýlelikde, bu gezekki bäsleşikde «Galkanyň» garşydaşlary hem güýçlendi diýip bolar.

Şu gezek geçiriljek çempionatyň ýene-de bir gyzykly tarapy çempionlyga dalaş edip biljek ýene bir toparyň goşanlygydyr. Ol «Galkan ― 2» diýlip atlandyrylýar. Adyndan hem mälim bolşy ýaly, bu topar hem Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine wekilçilik eder. Ol, esasan, ýaş oýunçylardan düzüldi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň