Türkmenistanyň Prezidenti we Singapuryň Premýer-ministri özara hyzmatdaşlygyň wezipelerini ara alyp maslahatlaşdylar

15:3927.08.2019
0
6659

Singapuryň «Istana» köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Premýer-ministr Li Sýan Lunyň baştutanlygynda Türkmenistan bilen Singapur Respublikasynyň resmi wekiliýetleriniň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.

Singapuryň hökümetiniň Baştutanynyň belleýşi ýaly, Singapur ýurdumyz bilen islendik ulgamlarda, şol sanda telekeçilik ugry boýunça özara gatnaşyklara taýýardyr. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabada Singapuryň işewür toparlarynyň wekillerini ibermek baradaky teklip beýan edildi. Olar ýerinde hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary bilen tanşyp bilerler. Premýer-ministr Li Sýan Lun şeýle hem Singapuryň Türkmenistana sanly ykdysadyýete geçmäge ýardam bermäge hem-de bu ulgamda bar bolan tejribesini hödürlemäge taýýardygyny aýtdy.

Jenap Li Sýan Lun halkara giňişlikde singapur tarapyny goldaýandygy üçin, Türkmenistanyň adyna hoşallyk sözlerini aýdyp, özara düşünişmegi pugtalandyrmak, tagallalary birleşdirmek hem-de birek-biregi goldamak arkaly biziň ýurtlarymyzyň üstünliklere eýe bolup biljekdigini nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-singapur gatnaşyklarynyň gün tertibi örän mazmunly bolup, sebit we dünýä syýasaty, ykdysadyýeti, söwdasy, maýa goýum işi, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary bilen bagly meseleleri öz içine alýan dürli ugurlary gurşap alýar. Muňa zerur itergi bermek, ikitaraplaýyn gatnaşyklary biziň mümkinçiliklerimize laýyk gelýän derejä çykarmak şu saparyň esasy maksatlarynyň biridir diýip belledi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň çykyşy halkara gatnaşyklary, söwda-ykdysady, energetika, nebitgaz pudagy, ulag we kommunikasiýalar, bank we maliýe ulgamlary, işewürlik, şähergurluşygy boýunça hyzmatdaşlyklary öz içine aldy.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Singapura ilkinji sapar iki ýurduň gatnaşyklarynyň taryhynda tapgyrlaýyn waka bolmalydyr.

Singapuryň Premýer-ministri Türkmenistanyň kuwwaty bilen içgin tanyşdyrandygy, hyzmatdaşlygyň geljegine jikme-jik we yzygiderli seljerme berendigi üçin, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzyň ähli tekliplerini goldaýandygyny beýan etdi.

Singapur tarapy türkmen hyzmatdaşlary bilen bar bolan tejribäni paýlaşmaga şatdyr diýip, jenap Li Sýan Lun aýtdy we özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmaga, işewürleriň wekiliýetlerini alyşmaga taýýardygyny tassyklady. Singapuryň işewür toparlary eýýäm bu ugurda mümkinçilikleri öwrenýärler. Ozal Singapuryň Hökümetiniň wekiliniň Türkmenistana baryp görendigi bellenildi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň