Soňky habarlar

Arhiw

Täze okuw ýylynda Türkmenistanyň orta mekdeplerine ýene bir täze ders giriziler

15:2027.08.2019
0
7677

Türkmenistanyň  orta mekdeplerinde ýaşlara bilim bermekdäki meýilnamalar yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Soňky ýyllarda mekdeplerde ýaşaýyş-durmuş esaslary,bedenterbiýe, jemgyýeti öwreniş ýaly, täze okuw dersleri girizildi.
Şonuň ýaly-da, juda gysga wagtyň dowamynda ykdysadyýetiň esaslary, ekologiýa, Türkmenistanyň medeni mirasy, dünýä medeniýeti, informasiýa-kommunikasiýa we innowasion tehnologiýalar, modelirleme we grafika ýaly dersler hem üstünlikli okadylyp başlanyldy.
Şu okuw ýylyndan başlap, mekdeplerde «Döwrebap tehnologiýalaryň esaslary» atly täze ders okadylyp başlanar. «Türkmenistan» gazetinde ýazylyşy ýaly, bu täze ders ýaşlaryň döwrebap tehnologiýadan habarlylygyny artdyrar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň