“Gözbaş” hususy kärhanasynda gara mallararyň 850-den gowragy idedilýär

22:1119.08.2019
0
1414

Murgap etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýän “Gözbaş” hususy kärhanasy 2018-nji ýylda işe girizildi. Ýylda 100 tonna etdir, süýt öndürmäge niýetlenen. Topluma 250 gektar ýer bolünip berlip, şonuň üç gektarynda maldarçylyk toplumy we edara jaýy ýerleşýär. Galan meýdanlarda ot-iýmlik ýorunja, arpa, mekgejöwen ekilip, bede, saman, senaž, silos, arpa uny, mekge uny taýýarlanylýar. Bu ýerde sygyr ýataklary mallaryň aýratynlygyna baglylykda ýerleşýär. Bir bölümçede sagylýan, beýlekisinde indi gölelemeli sygyrlar ýerleşdirilen. Göleler, öküzler üçinem aýratyn ýataklar bolup, olaryň kadaly ösüp-ulalmaklary, semizlik derejeleri yzygiderli

gözegçilikde saklanylýar. Toplum döwrebap tehnikalar bilen doly üpjün edilen. Ot orýan, ot-iým daşaýan tehnikalar doly güýjünde işledilýär. Sygyrlary sagmak hem sagym enjamlarynyň kömegi bilen ýerine ýetirilýär.

Sygyrlaryň 200-e golaýy bolup, günde 25-30 litrden gowrak süýt berýär. Günde jemi 3-3,5 tonna süýt öndürip, «Emin» hususy kärhanasyna tabşyrylýar. Maldarçylyk toplumyna daşary ýurtdan getirilen uly agramly gara mallararyň 850-den gowragy bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň