Soňky habarlar

Arhiw

Raşad Ilýasow (Azerbaýjan): «Güneş» söýgüli toparymdy»

22:1914.08.2019
0
7586

― Žurnalistmi? Diýmek, ikimiz kärdeş bolýarys-da! Bir tapawutly ýeri: sen-ä gazetde işleýäň, men hem telewideniýede.

― Diýmek, size «Hoş geldiň, kärdeş!» diýsek has ýerine düşjek.

― Şeýle ýaly...

Awazanyň goýnunda geçirilen gala-konsertiň myhman aýdymçysy Azerbaýjan Respublikasynyň at gazanan artisti Raşad Ilýasow bilen gürrüňdeşligimiz şu sözlerden başlady.

Hawa, ony watanynda hem aýdymçy, hem-de telegepleşikleriň alypbaryjysy hökmünde tanaýarlar. Onuň taýýarlaýan we alyp barýan «Döredenler we dowam etdirijiler» atly telegepleşigi aýdym-saz sungatynyň azerbaýjanly ägirtlerine hem-de olaryň şägirtlerine bagyşlanýar. Häzirki wagtda bu gepleşik Azerbaýjanda iň söýlüp tomaşa edilýän aýdym-sazly gepleşikleriň biri.

Awaza bolsa ol aýdymçy bolup geldi, ýerine ýetiren aýdymy bilen hem gala-konserte gatnaşyjylaryň, soňra-da bu ajaýyp konserte «mawy ekran» arkaly tomaşa edenleriň gyzgyn elçarpyşmalaryna mynasyp boldy.

― Öz bilşiňiz ýaly, konsertde iki aýdymy ýerine ýetirdim. Olaryň ilkinjisi öz aýdym hazynamdan. Ikinjisi bolsa azeri halkynyň söýgüsini gazanan eserleriň biri. Ony Azerbaýjanyň halk artisti Zeýnep Hanlarowa ýerine ýetirýärdi. Sahna kanon çalyp aýdym aýtmak bolsa meniň joşgunyma joşgun goşýar ― diýip, myhman ýerine ýetiren aýdymlary baradaky sowalymyza jogap berdi.

― Gözleriňizdäki şatlygy, tolgunmany özüňizden soraman okabermeli. Türkmenistana ilkinji saparyňyz sizde nähili täsir döretdi.

― Bilýäňizmi, ak ― meniň iň söýgüli reňkim. Men Hazaryň gündogar kenarynda durşuna aklyga bürenip oturan şäherleriň bardygyny bilýärdim, ýöne Aşgabat bilen Awazany öz gözleriň bilen görmegiň lezzeti düýbünden başgaça eken.

― Diýmek, Türkmenistan siziň ýadyňyzda aklygyň ýurdy hökmünde galarmy?

― Ýok, men Türkmenistany hemişe üç aýratynlygy bilen ýatlaryn. Olaryň ilkinjisi, siziň hem aýdyşyňyz ýaly, aklyk. Ikinjisi tämizlik, üçünjisi bolsa ak ýürekli adamlar. Men türkmen halkynyň myhmansöýerdigini bilýärdim, ýöne myhmansöýerligiň hem beýle belent derejesiniň bardygyny göz öňüne hem getirip bilmeýärdim.

― Siz bilen tas birmeňzeş dilde gürleşýän adamlaryň arasynda aýdym aýtmak ýakymlymy?

― Meniň pikirimçe, türkmen, azeri ýa özbek, türk, gyrgyz, gazak ýaly düşünjeler soň döräpdir. Ilki diňe türki halk diýen düşünje bar eken. Biziň ählimiz şol «türki» diýilýän halkyň wekilleri. Dilimiz, medeniýetimiz bir. Bu gün aýry-aýry serhetlerde ýaşaýandygymyza garamazdan, ýüreklerimiz heniz hem birek-birege ýakyn. Dogry, Türkmenistana ilkinji gezek gelýärin, ýöne men özümi, hamana, Azerbaýjanda aýdym aýdýan ýaly arkaýyn alyp bardym.

― Türkmenistana gelmänkäňiz, türkmen aýdymlaryny diňläp görüpmidiňiz?

― Ýogsam näme? Hatda, meşhurlygy bütin dünýä dolan «Güneş» aýdym-saz topary çagalykda meniň iň söýgüli toparlarymyň biridi. Men olaryň her bir aýdymyny sypdyrman diňlemäge çalşardym.

― Biler bolsaňyz, hormatly Prezidentimiziň teklibi bilen, bu topar täzeden döredildi.

― Şeýlemi? Bu meniň üçin, diňe meniň üçin hem däl, «Güneşiň» ähli muşdaklary üçin ýakymly habar. Täze toparyň hem ozalky meşhurlyga ýetip biljekdigine ynanýaryn we topara üstünlik arzuw edýärin.

― Türkmen okyjylaryna arzuwlaryňyzy hem diňläýsek.

― Olar ― dünýäniň iň bagtly raýatlary. Çünki şeýle ajaýyp döwletde ýaşaýarlar. Hemmeleriň gözüniň gidýän, hemmeleriň haýran galýan döwletinde ýaşamak, aslynda, şu döwletiň raýaty bolup dogulmak bagtynyň gadyryny bilsinler! Hemmelere diňe gowulyklary arzuw edýäris!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň